Sepleriň elýeterliligi

«Kawkaz emirliginiň» lideri öldürildi


Öz-özüni jar eden «Kawkaz emirliginiň» lideri Magomed Suleýmanow öldürildi.

Orsýetiň milli anti-terror komiteti onuň 11-nji awgustda, Dagystanda geçirilen ýörite operasiýa mahalynda öldürilen dört jeňçiniň biri bolandygyny aýdýar.

Jeňçilere tarapdar Kavkazcenter.com websaýty Abu Usman Gibrinskiý diýip tanalýan Suleýmanowyň öldürilendigini tassyk etdi.

Suleýmanow «Kawkaz emirliginiň» lideri diýlip aprel aýynda, ozalky lider Aliaskhab Kebekow rus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilenden soň yglan edilipdi.

Kebekow «Kawkaz emirliginiň» liderligine 2014-nji ýylyň martynda, ony esaslandyryjy Doku Omarow rus goşunlary tarapyndan öldürilenden soň geçipdi.

XS
SM
MD
LG