Sepleriň elýeterliligi

Orsýet gadaganlyk sanawyny giňelder


Orsýet 11-nji awgustda Günbatar ýurtlaryndan azyk getirmek gadaganlygynyň sanawyny giňeltjegini aýdýar.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Arkadiý Dworkowiç bu baradaky kararyň basym kabul ediljegini aýtdy. Ol gadaganlyk sanawyna täze giriziljek ýurtlaryň adyny aýtmady.

Häzirlikçe bu sanawa Birleşen Ştatlar, Kanada, Awstraliýa, Ýewropa Bileleşigi girýär. Interfaks habar gullugy gadaganlyk sanawyna ýene ýedi ýurduň giriziljegini ýazýar.

Orsýet, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde, Günbatar ýurtlarynyň köpüsinden azyk getirilmegini gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG