Sepleriň elýeterliligi

Hollandiýa MH17 babatda täze delil tapdy


Holland prokurorlary Malaýziýanyň gündogar Ukrainada ýykylan MH17 ýolagçy uçarynyň gaçan ýerinden Orsýetde ýasalan BUK raketa sistemasynyň böleklerine çalymdaş zatlary tapandyklaryny aýdýarlar.

2014-nji ýylda urlup ýykylan uçaryň üstünde 298 adam bardy. Niderlandiýanyň milli prokuraturasynyň edarasy tapylan raketa bölekleriniň derňewçilere uçaryň ýykylmagyna degişli detallar barada has köp maglumat tapmaga mümkinçilik berjegini aýdýar.

Hollandiýanyň ýolbaşçylygyndaky derňewden syzyp çykan detallar ýolagçy uçarynyň separatistleriň kontrollugyndaky territoriýadan, Orsýetden berlen ýer-howa raketasy bilen urlup ýykylandygyny aňladýar.

Emma Kreml uçaryň ýykylmagynda ukrain hökümet güýçlerini günäleýär.

XS
SM
MD
LG