Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň hökümetiniň aýtmagyna görä, adamlaryň aňyny üýtgedip, olary "Yslam döwletiniň" tarapyna çekip, soňam söweşiji edip iberýän onlarça salafi "esger iberýän" öňbaşçynyň tutulmagyndan soň, ýaşlaryň "YD"-e goşulmagy soňky iki aýda ep-esli azalypdyr.

Täjigistanyň hukuk goraýjy organlary hem hökümetiň alyp baran işjeň garşylykly propagandasynyň netijesinde ýaşlaryň "YD"-e goşulmagynyň soňky aýlarda görnetin azalandygyny tassyklaýarlar.

Täjigistanyň hukuk goraýjy organyndaky bir çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende "YD"-e goşulýan ýaşlaryň sany gaty azalypdyr. Indi soňky üç aýdan bäri owal ekstremizme baş goşanlaryň ady gizlin saklanylýar.

Öý işi - öýlerde edildi

Çeşmäniň aýtmagyna görä, şeýle oňaýly netijäniň gazanylmagynda ilkibaşda ýerli halk wekilleri bilen polisler tarapyndan täjik ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bolýan ýerleriniň anyklanmagy uly rol oýnapdyr.

Polisler we halk wekilleri şol ýaşlaryň maşgalalary bilen yzygiderli aragatnaşykda bolup, olaryň hakykatdanam Orsýetdemi ýa-da başga bir ýurtlarda bolýandyklaryny anyklapdyrlar.

Galyberse-de, Täjigistanyň resmi häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, şeýle netijäniň gazanylmagynda ýurtda salafi öňbaşçylarynyň tutulmagy hem täsirli rol oýnapdyr.

Täjigistanyň hökümet wekili bu barada şeýle diýýär: "Ol ýerden dolanyp gelen oglanlaryň hut özleri o taýda hiç hili jyhadyň ýokdugyny aýdyp, hemme zadyň aldawdygyny gürrüň berdiler. Diýmek, meniň pikrimçe, ýaşlaryň köpüsi şol "jyhat" diýilýän aldawa doly göz ýetiren bolmaly. Dolanyp gelenleriň gürrüň bermegine görä, ol ýerde adamyň hiç hili gadyry ýok. Emirleriň bar edýän işi bolsa ýesirlerden onlarça aýal edinmek. Olaryň ýüregi şeýdip buz bolup gidipdir. Mundan daşgary, sosial ulgamlarda wideolaryň ýaýradylmagy hem ýaşlary "YD"-e goşulmakdan sowadypdyr".

Çeşmäniň bildirmegine görä, häzir Orsýetde işleýän we ençe aýlap Täjigistandaky öz maşgalasy hem hossarlary bilen habarlaşmaýan ýaşlaryň bolýan ýerleriniň doly anyklanmagy babatdaky işlerimiz dowam edýär. Olaryň Siriýa ýa-da Yraga gidip-gitmänligi barlanýar.

Resmi maglumatlara görä, ekstremistlerden göwni geçen 35 adam öz ýurduna dolanypdyr. Şeýle-de Siriýa we Yraga gitmek isleýän onlarça adam Täjigistanda tutulypdyr.

"Howp abanýan topara" kimler degişli?

Täjik hünärmeni Faridun Hodizodanyň aýtmagyna görä, Täjigistanyň hökümetiniň elinde "YD"-e goşulýanlaryň sanynyň azalandygy barada subutnamalar bar bolup biler. Ýöne bu hasabat bilen kanagatlanmaly däl. Onuň nygtamagyna görä, esasy edilmeli iş - ýaşlara hem jemgyýete howp salýan ideologiýa bilen göreşdir. Täjigistanda "howp abanýan topara" degişli ýaşlar bilen işleşjek ýörite iş toparyny döretmek zerur.

Hünärmeniň pikriçe, eger ýaşlar Siriýa Orsýetden köpçülikleýin gidýän bolsalar, onda şeýle tagallany migrantlaryň arasynda has giňden ýaýbaňlandyrmaly.

Näme üçin Abdurahmon Siriýa gitmändir?

Abdurahmon Moskwanyň etraplarynyň birinde işleýän 24 ýaşyndaky bir täjik migranty. Üç aý mundan owal "Odnoklassniki" atly sosial ulgamda ekstremist toparlaryň alyp barýan propagandasynyň täsirine düşüpdir we hatda olara goşulmakçy bolupdyr.

Ol ýaş ýigit: "Meniň söhbetdeşim sosial ulgamda maňa bir wideo iberdi we ol ýeriň hakyky hem arassa jyhat edilýän ýerdigini, ol ýerde göýä kapyrlary öldürýändiklerini aýtdy. Ol ýere gidip, muny öz gözüm bilen görmegimiň gerekdigini aýdyp, meni gaty gyssady. Men şonda tas doly ynanypdym. Ýöne oňatja barlap görmek isledim. Ondan soň Täjigistanda bir molladan we bir dostumyň alym kakasyndan sorap gördüm. Şonda olar Siriýa bilen Yrakda bolýan ýagdaýyň jyhat bilen dahylly däldigini gowy düşündirdiler. Ol ýerde adam öldürilýändigini we şol sanda sünnüleriňem gyrylýandyny, ýagny ol ýerde şeýle oýun oýnalýandygyny aýtdylar. Olaryň aýdanlary göwnüme jaý boldy" diýip gürrüň beripdir.

Resmi maglumatlara görä, häzir 500-den gowrak ýaş täjikler "Yslam döwleti" toparynyň hatarynda Siriýa bilen Yrakda söweşýärler. Şu wagta çenli olardan 130 sanysy öldürilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG