Sepleriň elýeterliligi

Ermeni maşgalasyny öldüren sud edilýär


Ermeni maşgalasyny öldürmekde aýyplanan rus esgeri sud edilýär.

Orsýetiň Ermenistandaky 5-nji garnizonynyň harby tribunaly 12-nji awgustda 19 ýaşyndaky esger Waleriý Permýakowyň jenaýat işine seretmäge başlady.

Orsýetiň Ermenistanyň Gýumri şäherindäki harby bazasynda gulluk eden Permýakow rus sudy tarapyndan ýaragly dezertirlikde, ýarag we ok ogurlamakda, bikanun ýarag götermekde aýyplanýar.

Ol sud prosesiniň soňunda ermeni resmilerine berler we bir maşgalanyň ýedi agzasyny öldürendigi üçin sud ediler.

Aýdylmagyna görä, ol adam öldürendigini boýun alypdyr.

XS
SM
MD
LG