Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Žurnalisti 'urduran' futbolçy tutuldy


Azerbaýjanyň polisiýasy «Kabala FK» futbol klubynyň tanymal futbolçysy Jawid Huseýnowy tussag etdi.

Ol žurnalist Rasim Aliýewiň ölüm halyna çenli ýenjilmegi bilen baglylykda tutuldy. Azerbaýjanyň baş prokuraturasynyň 11-nji awgustdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, ol planlaşdyrylýan jenaýat barada habar bermezlikde aýyplanýar.

Eger günäli tapylsa, futbolça 5 ýyl türme tussaglygy garaşýar. Bu iş bilen bagly ýene bäş adam tussag edildi.

30 ýaşyndaky žurnalist Rasim Aliýew 9-njy awgustda, Bakuwdaky hassahanada bedenine düşen ýaralardan ýogaldy.

Ol jan bermezinden öň Huseýnowyň goldawçylary tarapyndan, feýsbukda ýerleşdiren tankydy üçin ýenjilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG