Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: "Stambula 3 aý soň dolanaýyň"


Çagaly ene.
Çagaly ene.

Bilnişi ýaly Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň iň köp ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýede işleýän we ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň aglabasynyň hem wizasyz, ýagny birugsat dokumentsiz ýagdaýdadygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatlara görä, Türkiýede ylaýta-da Stambulyň Atatürk we Sabiha Gökçen adyndaky aeroportlarynda öz ýurduna gidip-gelmekçi bolýan türkmenistanly migrantlara türk resmileri 3 aý soň dolanyp gelmegi maslahat berýärler. Muňa garamazdan, gysga wagtda yzyna dolananlaryň aglabasy diýen ýaly ýurda alynmaýar.

Eýse, indi mundan beýläk şeýle ýagdaýda jerimesini töläp, daşary ýurda gidip yzyna dolanyp Türkiýede iş ýa-da ýaşaýyş rugsadyny almagy planlaşdyrýan türkmenistanly migrantlar nähili çykalga gözlemeli? Türkiýedäki migrantlaryň aglabasynyň Stambuldadygy göz öňünde tutulanda bu täze ýagdaý olaryň durmuşyna nähili täsir ýetirer?

Azatlyk Radiosy, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Stambulyň aeroportlarynda ýüze çykan bu meselä kanuny taýdan garamak bilen bir hatarda, munyň dokumentsiz gezip ýören türkmenistanly zähmet migrantlaryna ýetirýän täsirleri barasynda söz açýar.

Bu temadaky gepleşigimize gatnaşmak isleýänler biziň bilen hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen habarlaşyp bilerler. Şeýle-de bu temadaky öz garaýyşlaryňyzy we teklipleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG