Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Konsertiň guramaçysy derňelýär


Köpri ýykylmagyna we adam ölmegine getiren konsert dabarasyny gurnan adam derňewe çekildi diýip, Özbegistandaky çeşmeler aýdýar.

8-nji awgustda, meşhur aýdymçy Nawruz Sobirowyň Urgenjiň şäher parkynda guralan açyk konsertinde üstüne adam üýşen köpri ýykyldy.

Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleriniň Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna anonim şertlerde aýtmaklaryna görä, bu hadysada azyndan 15 adam ölüp, 17 adam hassahana ýerleşdirilipdir.

Medeniýet we sport ministrligindäki çeşmeler bolsa, konserti guran Ulugbek Sobirowyň soraga çagyrylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG