Sepleriň elýeterliligi

“Google” “Alphabet-iň” bir bölegi bolýar


“Google” indi “Alphabet” diýip atlandyrylýan täze kompaniýanyň bir şahamçasyna öwrülýär. Bu barada “Google-yň” baş direktory Larry Page habar berýär.

Page gürrüňi edilýän täze kompaniýanyň websaýtynda ýazan beýannamasynda mundan 11 ýyl öň Sergeý Blin bilen birlikte döreden “Google” kompaniýasyny dolandyran mahaly, wagtal-wagtal ýiti kararlara gol goýmakdan çekinmändiklerini mälim edýär.

Larry Page mundan beýläk kompaniýany has talabalaýyk dolandyrmak maksady bilen “Google-y” “Alphabet” atly kompaniýanyň bir bölegine öwürendiklerini belledi.

“Alphabet-de” her bir harp ýörite bir kompaniýanyň adynyň baş harpy üçin niýetlenipdir. Onda “G” harpy hem “Google-y” alamatlandyrýar.

Täze “Alphabet” kompaniýasynyň prezidenti Sergeý Brin we baş ýerine ýetiriji direktory Larry Pagedir. “Google-yň” baş direktory wezipesine bolsa Sundar Pichai bellenildi.

XS
SM
MD
LG