Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 62 adam öldürildi


Yrak resmileri 13-nji awgustda irden Bagdadyň mähelleli bazarynda ýarylan ulag bombasynyň azyndan 62 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Ýük maşyny Bagdadyň Jamile bazarynda, şaýylaryň agdyklyk edýän Sadr şäherçesinde partladylypdyr.

Polisiýa bu hüjümde azyndan 120 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» diýilýän jeňçi topar öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG