Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý partlamalarynda 44 adam öldi


Hytaýyň Tianjin şäherinde 12-nji awgustda bolan tapgyrlaýyn partlamalarda ölenleriň sany 44-e ýetdi.

Partlamalar netijesinde ýüzlerçe adamyň ýaraly bolandygy, olaryň köpüsiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Wepat bolanlaryň arasynda azyndan 12 sany ýangyn söndüriji hem bar.

Sinhua habar gullugy partlamalaryň partlaýjy enjamlaryň saklanýan ammarynda ýangyn döräninden soň, ýerli wagt bilen ir sagat 11.30 töwereginde başlanandygyny habar berýär.

AFP habar gullugynyň habarçysy partlamalaryň zarbyndan 3 km uzaklykdaky jaýlaryň aýnalarynyň hem döwlendigini görüpdir.

XS
SM
MD
LG