Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Rus-eýran plany ret edilýär


Siriýanyň aram oppozisiýa güýçleriniň syýasy koalisiýasynyň lideri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Orsýet bilen Eýranyň Siriýa konfliktini soňlamak boýunça eden teklibiniň işlemejegini aýtdy.

Siriýanyň rewolýusion we oppozisiýa güýçleriniň milli koalisiýasynyň başlygy Haled al-Hoja 13-nji awgustda Moskwada Lawrow bilen duşuşyp, konflikt diňe bir ýagdaýda, Siriýanyň prezidenti Başar al-Asad wezipesinden çekilen halatynda soňlanyp biler diýdi.

Orsýet bilen Eýran BMG arkaly Siriýadaky «Yslam döwleti» jeňçilerine garşy durmak üçin halkara koalisiýasyny döretmäge synanýarlar.

Bu koalisiýa Assadyň režimini öz içine almaly.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir hem 11-nji awgustda Lawrowa Saud Arabystanynyň Assad güýçleri bilen bir koalisiýa girmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG