Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin howpsuzlyk geňeşi bilen duşuşdy


Kremliň metbugat gullugy prezident Wladimir Putiniň 12-nji awgustda ýurduň howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen gündogar Ukrainadaky ýitileşýän ýagdaý barada «operatiw duşuşyk» geçirendigini aýdýar.

Kreml duşuşykda esasan orsýetçi separatistlere we gündogar Ukrainanyň ilatyna ukrian hökümet güýçleri tarapyndan edilýän hüjümlere üns berlendigini aýtdy.

Kremliň bu beýanaty Ýewropa Bileleşiginiň orsýetçi separatistler babatda eden beýanatynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýewropa Bileleşigi orsýetçi separatistleriň fewral aýynda Minskde gelnen ylalaşygyň düzgünlerini bozýandyklaryny aýdyp, olary hökümet kontrollugyndaky ýerlere edýän hüjümlerini güýçlendirmekde aýyplady.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 11-nji awgustda front liniýasyndaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşandygyndan zeýrenip, Kiýewi «jogapkärçiliksiz hereketlerini» bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG