Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» YD wideosyny ýazgarýar


Owganystanyň «Talybany» «Yslam döwleti» toparyna ygrarly jeňçileriň daňylgy owgan tussaglaryny partladyşyny görkezýän wideony ýazgardy.

Bu wideo Owganystanyň «Talybany» bilen «Yslam döwleti» toparyna kasam kabul eden jeňçi toparlaryň arasynda barha ýokarlanýan bäsdeşligi görkezýär.

Görnüşinden, bu wideo gündogar Owganystanda, "Talyban" we «Yslam döwleti» jeňçileriniň soňky aýlarda çaknyşan ýerinde ýazgy edilipdir.

Onda «Talyban» ýa-da owgan hökümeti bilen ýaran bolan tussaglar «dinden çykanlar» hökmünde suratlandyrylýar.

«Talyban» ol tussaglaryň alnyp gaçylan graždan adamlardygyny we beýle zalymlygyň kabul ederlik däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG