Sepleriň elýeterliligi

logo-print

«Talyban» 14 ofiseri öldürdi


«Talyban» jeňçileri 12-nji awgustda Helmand welaýatynda polisiýa lybasyny geýip, polisiýa maşynyny sürüp, azyndan 14 sany polisiýa ofiserini öldürdiler.

Resmiler «talyban» söweşijileriniň Musagala etrabynyň barlag nokadyndan geçip, polisiýa ofiserleriniň arkasyndan hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Helmandyň gubernatory Mirza Han Rahimi bu hüjümi «polisi garşy dildüwşük» diýip atlandyrdy we onda ölenlerden başga iki sany polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Rahimi polisiýanyň taýýarlyksyz bolandygyny, sebäbi irden edilen telefon jaňynda olaryň ýanyna kärdeşleriniň sapara geljeginiň habar berlendigini aýtdy.

«Talybanyň» sözçüsi Kary Ýusuf Ahmedi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp, pitneçileriň sekiz sany polisiýa ofiserini ýesir alandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG