Sepleriň elýeterliligi

Azeri diplomaty korrupsiýada aýyplanýar


Azerbaijan -- diplomat Arif Mammadov - 2014

Azerbaijan -- diplomat Arif Mammadov - 2014

Azerbaýjanyň häkimiýetleri, hökümeti tankytlanyndan soň, daşary ýurtdaky ozalky diplomaty tussag etmäge çalyşýarlar.

Ýewropa Bileleşigindäki Yslam hyzmatdaşlyk missiýasynyň ozalky başlygy Arif Mammadow azeri hökümetini Bakuwda bolan heläkçilikli kwartira ýangynyndan soň tankyt etdi.

Azerbaýjanyň baş prokuraturasy Arif Mammadowyň ogurlykda, wezipeden bikanun peýdalanmakda, galplykda güman edilýändigini aýdýar. Prokuraturanyň 12-nji awgustdaky beýanatynda Mammadowyň býujet fondlaryny nädogry ulanyp, dokumentleri galplaşdyryp, 2007-2012-nji ýyllarda onlarça müň ýewro döwlet puluny ogurlandygy aýdylýar.

Mammadowyň feýsbukda ýerleşdiren makalasynda 19-njy maýda bolan ýangyn sebäpli hökümet we Baku şäheriniň häkimiýetleri tankytlanýardy. Bu ýangynda 15 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG