Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan ÝYB-niň bäşinji agzasy boldy


Gazagystanyň prezidenti Nurusltan Nazarbaýew (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nurusltan Nazarbaýew (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew.

Gyrgyzystan özüniň Gazagystan bilen aradaky serhedinde gümrük gözegçiligini ýatyryp, Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşik bolan ÝYB-iň doly hukukly agzasyna öwrüldi.

Bu wakany bellemek üçin 12-nji awgustda geçirilen dabara wideobaglanyşyk arkaly gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew gatnaşdylar. Iki prezident Yssyk kölüň golaýynda ýerleşýän bir kurortda duşuşdylar. Wideobaglanyşyk hem şol ýerden ýola goýuldy.

"Gazaklar we gyrgyzlar doganlyk halklardyr. Şol sebäpden olaryň arasynda araçäk, böwet bolmaly däldir" diýip, ýolbaşçylyk edýän ýurdy öňki sowet respubliklary bolan Orsýetden, Gazagystandan, Belarusdan we Ermenistandan durýan topara goşulan Atambaýew aýtdy.

Nazarbaýew hem Gazagystan "Gyrgyz halkyna asudalyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw edýär" we "ol öz doganlyk halkyny mümkin bolan ähli serişdeler bilen goldamagy dowam etdirer" diýdi.

Gümrük kontrollygy ýatyryldy

12-nji awgustdan başlap gyrgyz-gazak serhedindäki sekiz punktda gümrük kontrollygy ýatyryldy.

Kontrollyk punkty ”Ak ýoldaky” dabara gatnaşan Gyrgyzystanyň premýer-ministri Temir Saryýew žurnalistlere ýüzlenip, ÝYB-e agzalyk Gyrgyzystana köp artykmaçlyk getirer diýdi.

"Biziň raýatlarymyzyň indi ÝYB-e agza döwletlere erkin sapar etmäge, harytlary, hyzmatlary we sermaýany serhetden erkin geçirmäge gowy mümkinçiligi bar".

Ýewraziýa ykdysady bileleşigi Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň arasyndaky gümrük bileleşiginiň esasynda döredilip, resmi taýdan ýanwar aýynda işe başlady.

Maksat

Ondan maksat 28 ýurdy öz içine alýan Ýewropa Bileleşigi ýaly, 180 milliondan agdyk ilatly giňişlikde harytlaryň hem hyzmatlaryň erkin hereketi üçin ýeke-täk bazar döretmek.

ÝYB Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň öňki Sowet Soýuzynyň çäginde Moskwanyň täsirini güýçlendirmek we Ýewropa Bileleşigi bilen NATO garşy durmak üçin ulanylýan az sanly howpsuzlyk we ykdysady ýaranlyklaryň biri.

Söwda bileleşigini döretmek pikirini ilkinji bolup teklip eden uzak wagt bäri Gazagystanda höküm sürüp gelýän Nazarbaýew. Ýöne ol we belarus prezidenti Lukaşenko ýurduň özygtyýarlylygynyň haýsydyr bir derejede Moskwanyň eline geçmegginden howatyr edip, Bileleşik syýasatdan çetde durmaly diýip aýak direýärler.

Bileleşige goşulmagy üçin Orsýet Ukraina basyş etdi. Ýöne opponentler bu synanyşyga Moskwa öz täsirini artdyryp, Sowet Soýuzyny täzede dikeltjak bolýar diýip baha berdiler.

Ukrainada 2014-nji ýylyň fewralynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýurtdan gaçyp çykmagyna getiren gozgalaňyň esasy sebäbi-de şu mesele boldy.

Gyrgyzystanyň ÝYB-e goşulmagy baradaky ylalaşyga Bileleşigiň Ýokary geňeşiniň dekabrda Moskwada geçen mejlisinde gol çekildi.

Ylalaşygyň protokollaryna hem ÝYB-e agza döwletler maý aýynda gol çekdiler.

Gyrgyzystan Bileleşige agza döwletlerden diňe biri bilen serhetdeş. Ol hem Gazagystan.

XS
SM
MD
LG