Sepleriň elýeterliligi

“Oguzhan” köşgi owadanlaryň hatarynda


Türkmenistanyň prezidentiniň "Oguzhan" köşkler toplumy.

Türkmenistanyň prezidentiniň "Oguzhan" köşkler toplumy.

Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi dünýäniň iň owadan köşkleriniň ilkinji onlugyna goşuldy.

“Theestle” internet neşiriniň düzen bu sanawynda Türkmenistanyň prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumy ýedinji ýerde ýerleşdirilipdir.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Oguzhan” köşkler toplumy 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan 250 million amerikan dollaryna gurlup, ulanylmaga berlipdi. Ol paýtagtyň S.Türkmenbaşy prospektinden tä Garaşsyzlyk meýdanyna çenli bir kwadrat kilometre golaý giňişligi öz içine alýar. Onuň ini Karl Marks köçesinden Galkynyş köçesine çenli takmynan ýarym kilometre çenli uzaýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň bu köşkler tolpumynda birnäçe zal bolup, olaryň her biri çärelerdir ýygnaklary geçirmek üçin ulanylýar. Meselem, “Altyn zalynda” san taýdan çäkli ýokary derejeli wekilleriň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirilýän bolsa, “Gorkut ata” zaly bolsa giňeldilen düzümdäki delegasiýalaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin niýetlenen.

Merkezi Aziýa ýurtlary

“Theestle” internet neşiriniň “Dünýäniň iň owadan 10 prezidentlik köşkleri” atly sanawyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Täjigistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň köşkleri hem girizilipdir.

Täjigistanyň prezidentiniň Duşenbede ýerleşýän bu köşgi sanawda ikinji orunda bolup, ol “Jebislik” köşgi diýlip atlandyrylýar.

Gazagystanyň prezidentiniň “Ak Orda” atly köşgi sanawyň üçünji ornunda ýerleşdirilipdir. Gürrüňi edilýän internet neşiriniň maglumatynda bu köşgüň üç ýylyň dowamynda gurlup, 2004-nji ýylda ulanylmaga berlendigi aýdylýar.

Bu köşk Astananyň içinden akyp geçýän Işim derýasynyň çep kenarynda ýerleşip, onuň boýy 80 metre barabardyr. Köşgüň poly üçin mermeriň 21 görnüşi ulanyldy.

Birinji orunda

Gürrüňi edilýän sanawda Russiýanyň prezidentiniň köşgi – Kreml owadanlygy boýunça bäşinji orunda ýerleşdirilipdir. Bu desga 1837-1849-njy ýyllar aralygynda gurlan.

Gürrüňi edilýän neşiriň sanawynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň köşgi birinji orunda ýerleşdirilipdir. “Ak tam” ady bilen tanalýan bu bina 1800-nji ýyldan bäri Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň resmi rezidensiýasydyr.

Sanawyň onunjy ornunda Gananyň prezidentiniň köşgi ýerleşdirilipdir. Maglumatda bu köşgüň gurluşygyna 45-50 million amerikan dollary çemesi pul serişdesi harçlandy diýilýär.

XS
SM
MD
LG