Sepleriň elýeterliligi

Abadi konstitusiýany 'düzetmek' isleýär


Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi, Bagdat, 12-nji awgust, 2015.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi, Bagdat, 12-nji awgust, 2015.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi korrupsiýa garşy aýgytly hökümet reformasynyň parlamentde tiz tassyklanmagyndan soň ýurduň Konstitusiýasynda, öz atlandyryşyna görä, goýberilen “ýalňyşlyklary” düzetmegi isleýändigini aýtdy.

Onuň 12-nji awgustdaky beýannamasy hökümetiň üç sany ýokary wezipeli agzasynyň, şol sanda öňki hökümet baştutany Nuri al-Malikiniň ýakyn kömekçisiniň işden çekilmeginiň yz ýany edildi. Bu ädimler protestçileriň hem dindarlaryň hökümeti korrupsiýadan we netijesizlikden gutarmak baradaky çagyryşlaryna jogap bolupdy.

11-nji awgustda biragyzdan tassyklanan reformalar hökümet baştutany bolan döwründe dinleriň arasyndaky dartgynlylygy tutaşdyrmakda aýyplanyp tankyt edilen Malikiniň özüne hem deger.

Kanun Yragyň üç wise-prezidentleriniň edaralaryna, şol sanda Malikiniň edarasyna, şeýle-de ABŞ-nyň okkupasiýa ýyllarynda işlän wise-premýerleriň edarasyna degýär.

Reformalar premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny artdyrýar we Abadä regional ýolbaşçylary we ýerli geňeşlikleriň ýolbaşçylaryny wezipesinden çetleşdirmäge rugsat berýär.

Abadi kanun tassyklanandan soň Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmäge çagyrdy. Ol 2005-nji ýylda kabul edilen Baş kanuna hormat goýýandygyny, emma onuň gutarnykly däldigini belledi.

“Syýasy prosesdäki islendik üýtgeşikligiň Konstitusiýada görkezilmegi gerek” diýip, Abadi Bagdatda geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Şeýle-de Abadi “Konstitusiýada köp ýalňyşlyklar bar, biz olary düzetmeli”, “Halkyň maňa Konstitusiýany üýtgetmäge ygtyýar berjekdigine umyt baglaýaryn” diýip belledi.

Soňky hepdelerde müňlerçe protestçi köçä çykyp, düýpli reformalary talap etdi we korrumpirlenen resmileri wezipelerinden çetleşdirmäge çagyrdy.

Haider al-Abadi bir ýyl mundan öň häkimiýet başyna geçeli bäri ýurduň demirgazygynda we günbatarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň basyşlaryna garşy durmak üçin harby çäreleri durmuşa geçirmäge mejbur bolýar.

Yrakda hökümetiň dolandyryş sistemasy ýurda ABŞ-nyň goşunlarynyň salnan döwründe ornaşdyrylypdy we esasy wezipelere etniki hem dini toparlaryň agzalarynyň bellenmegi arkaly gapma-garşylyklary gowşatmaklyga gönükdirilipdi.

XS
SM
MD
LG