Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

$27 millionlyk eser Ispaniýa gowşuryldy


$27 millionlyk eser Ispaniýa gowşuryldy.
$27 millionlyk eser Ispaniýa gowşuryldy.

Fransiýanyň hökümeti ogurlanan “Head of Young Woman” (Ýaş zenanyň kellesi) atly portreti Ispaniýa gowşurdy.

“The Guardian” neşiriniň berýän maglumatyna görä, 27,4 million amerikan dollaryna barabar bolan bu eser Korsikadan Şweýsariýa geçiriljek mahaly halas edilipdir.

Şondan soň gymmat bahaly bu eser ispan spesialistleriniň gözegçiligi astynda uçar bilen Ispaniýa alnyp gidildi.

Bu eser Madrid şäherindäki şa zenany Sofiýanyň adyny göterýän Sungat muzeýinde saklanar we ol köpçülige görkezilmez.

"Head of a Young Woman" atly eser 79 ýaşly bankir Jaime Botiniň eýeçiligindedi.

Häzirki wagtda bu eser Ispaniýanyň sudunyň çykaran karary esasynda sungat eseri hasaplanyp, onuň şalygyň territoriýasyndan çykarylmagy gadagan edildi.

Fransiýanyň gümrük işgärleri portreti awgust aýynyň başynda “Grupo Santander” atly kompaniýa degişli gämide tapdylar. Bu wakanyň bolan mahaly, gürrüňi edilýän kompaniýanyň öňki wise-prezidenti bolan Jaime Botin gämide ýok eken.

Botin 2012-nji ýylda hem portreti Londona äkitmäge synanyşypdy, emma Ispaniýanyň Medeniýet ministrligi muňa rugsat bermändi.

Uzyn gara saçly zenanyň bu portreti ispan suratkeşi Pablo Pikassonyň (Pablo Picasso) döredijiliginiň pajarlap ösen döwrüniň önümidir.

Pikassonyň sungat eserleri dünýäniň gymmat baha eserleriniň biri hasaplanyp, şu ýylyň maý aýynda onuň “Alžiriň zenanlary” atly eseri “Christe's” auksion öýünde 179 million amerikan dollaryna satylypdy.

XS
SM
MD
LG