Sepleriň elýeterliligi

Baku: Aktiwistler uzak möhletli türmä basyldy


Leýla Ýunus

Leýla Ýunus

Baku sudy azerbaýjanly hukuk aktiwistleri Leýla Ýunusa 8 ýarym ýyl, onuň hassa adamsy Arife bolsa 7 ýyl türme tussaglygyny berdi. Hukuk aktiwistleri ykdysady jenaýatlarda günäli tapyldy.

13-nji awgustda çykarylan türme tussaglygy hökümi sud edilen iki hukukçy we halkara hukuk toparlary tarapyndan adalatyň üstünden gülünmegi hökmünde häsiýetlendirildi.

Leýla Ýunus höküm okalmazyndan öň suda türme tussaglygynyň özi we adamsy üçin ölüm hökümine barabar boljagyny, sebäbi saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazdygyny aýtdy.

"Siz bize ölüm hökümini çykardyňyz, ne meniň saglygym, ne-de Arifiň saglygy bize türmede uzak saklanmaga mümkinçilik berer» diýip, ol höküm okalanyndan soň suda aýtdy.

Şeýle-de ol özleriniň adam hukuklary boýunça alyp baran işleri üçin jezalandyrylýandyklaryny aýtdy.

"Azerbaýjan sowet faşizminiň ýoluny dowam etdirýär, şu günki gün Azerbaýjanda diktatura garşy durjak bolan islendik adam repressiýa uçraýar» diýip, ol suda aýtdy.

Döwlet prokurory ykdysady jenaýatlarda, şol sanda galplykda, salgytdan gaçmakda, bikanun biznes etmekde aýyplanan Leýla Ýunusa 11 ýyl, galplykda aýyplanan Arife bolsa 9 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini talap etdi.

Arif Ýunus şol günki proses başlananda suda «jellatlary çagyr we hökümi oka» diýdi we özünden gitdi.

Bu jübüdiň 27-nji iýulda başlanan sud seljerişligi döwründe Arif dik oturmaga zordan ýarady we yzygiderli medisina gözegçiligini, şol sanda sanjym hem almaly boldy.

Sud onuň öý tussaglygyna geçirilip, bejergi almagy üçin edilen talaplary yzygiderli ret etdi. Oňa ýürek keseli babatda diagnoz goýlan we soňky 18 aýda iki gezek ýüreginden tutdy.

Sud prosesiniň mundan öňki günlerinde bolşy ýaly, adam hukuklary aktiwistleri we žurnalistler 13-nji awgustda hem sud zalyna goýberilmedi. Emma muňa garamazdan, daşary ýurt ilçihanalarynyň käbir diplomatlaryna sud zalyna girmäge rugsat berildi.

59 ýaşyndaky Leýla Ýunus Bakuwdaky hasaba alynmadyk Parahatçylyk we demokratiýa institutynyň esaslandyryjy direktory we Azerbaýjanyň adam hukuklary ýagdaýyny berk tankyt edýär. Ol geçen ýylyň iýulynda tussag edilmezinden öň ýurtdaky syýasy tussaglary dokumentleşdirmek proýektiniň üstünde işleýärdi.

60 ýaşyndaky Arif tanymal taryhçy we Kawkaz ýurtlaryndaky konfliktler, hususan-da Dagly-Garabag üstündäki dawa barada ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Ol geçen ýylyň awgust aýynda tussag edileli bäri aýalyndan aýry saklanyldy.

Är-aýal Ýunuslar Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk we ýaraşyk ideýalaryny öňe sürýär. Olar öz iş aspektleri bilen baglylykda dönüklikde we ykdysady jenaýatlarda aýyplandylar we dönüklik aýyplamalary babatda geljekki sudlarda höküm çykarylmaly.

Ýunuslar bu aýyplamalary ret etmek bilen, özlerine garşy bildirilýän günäleriň ählisiniň syýasy sebäplidigini aýdýarlar.

ABŞ, ÝB, şeýle-de HRW, AI, Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasy bu jübüdiň deslapky tussaghanada, ýagny olaryň saglyk ýagdaýyny ýaramazlaşdyran şertlerde saklanmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Dinaranyň çagalykda kakasy Arif bilen düşen suraty.

Dinaranyň çagalykda kakasy Arif bilen düşen suraty.

Olaryň gyzy Dinara Ýunus iýun aýynda ejesiniň diabet we hepatit С keselleriniň bardygyny aýtdy.

Dinara 13-nji awgustdaky hökümden soň öz feýsbuk sahypasynda: «Meniň ene-atam şu gün öz soňky duşuşyklarynda ölüme höküme edildi» diýip ýazdy.
Bu höküm adam hukuklary toparlarynyň we daşary ýurt resmileriniň halkara ýazgarmalaryna we aladalaryna sebäp boldy.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi Ýunuslaryň türme tussaglygyndan soň «çuňňur alada» bildirdi.

Waşingtonda bolsa, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi John Kirbi ABŞ-nyň bu türme tussaglygy höküminden «düýpli alada galandygyny» aýtdy.

“Bu aýyplamalar diňe olaryň adam hukuklary işi we regionda dartgynlyklary gowşatmak hem ynamdarlygy berkitmäge gönükdirilen konstruktiw halkdan-halka programmalaryna goşulandygy sebäpli bildirilýäne meňzeýär» diýip, Kirbiniň beýanatynda aýdylýar. «Biz sud prosesindäki bidüzgünçilikler baradaky habarlardan hem alada galdyk» diýip, ol aýdýar.

Ol Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjany bu jübüti, saglyk ýagdaýlaryny nazara alyp, «derhal, rehimdarlyk esaslarynda azat etmäge» çagyrýandygyny aýtdy we “ähli raýatlarynyň uniwersal hukuklaryny hormatlamak Azerbaýjanyň öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bähbitlerine laýyk gelýär» diýdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç bolsa, twitterde «Azerbaýjanyň häkimiýetleri Leýla we Arif Ýunusy türmä höküm etmek bilen, has aşak düşdiler» diýdi.
HRW bu hökümi "duran bir parodiýa" diýip atlandyrdy.

«Azerbaýjan hökümeti bu hökümi ýatyrmaly we olary derrew azat etmeli» diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber twitterde ýazdy.

Helsinki komissiýasynyň başlygy Kris Smit (Chris Smith) hem bu hökümi ýazgardy.

"Bu aýyplamalar Ýunuslara olaryň beýleki köp sanly syýasy tussaglar, şol sanda žurnalistler we aklawçylar üçin alyp baran parahatçylykly tagallalary üçin üçin bildirildi we Azerbaýjanyň hökümetiniň islendik görnüşdäki erkin sözi we başga pikirililigi ýok etmegiň ymykly kastyna çykandygynyň ýene bir görkezijisi bolup durýar» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG