Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Mis käninde ýangyn boldy


Gazagystanyň mis öndürijisi “Gazak minerallar” şirketi ýurduň demirgazygyndaky Bozşakol käninde gije ýangynyň dörändigini habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, ýangyn 13-nji awgustda gije döräpdir we onuň ýetiren zyýanynyň möçberi entek kesgitlenmändir.

Gurluşyk derejedäki proýektde dörän ýangyndan hiç kim ejir çekmändir.

Mis öndürmek boýunça deslapky işleriň iýun aýynda başlanypdy we onuň şu ýylyň dördünji çärýeginde doly işe girizilmegine garaşylýardy.

Bu kän ýylda 25 million tonna önüm öndürmek üçin niýetlenýär.

XS
SM
MD
LG