Sepleriň elýeterliligi

Orsýet generaly türmä höküm edildi


Wladimir Çirkin

Wladimir Çirkin

Orsýetiň guryýer goşunlarynyň öňki ýokary derejeli ýolbaşçysy general Wladimir Çirkin para almakda aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Moskwanyň harby sudy bu hökümi 14-nji awgustda çykardy.

Çirkin pensiýadaky harby ofisere jaý almakda kömek bermek üçin 2008-nji ýylda 450 000 rubl ýagny 13 600 amerikan dollar möçberde para almakda günäli tapyldy.

Şol döwürde Çirkin Moskwa harby okrugynda ýolbaşçy bolupdy.

Çirkin Orsýetiň ýaragly güýçleriniň guryýer goşunlarynyň baş ştabynyň komanduýuşisi wezipesinde 2012-2013-nji ýyllarda işledi.

XS
SM
MD
LG