Sepleriň elýeterliligi

Orsýet eýran generaly gelmedi diýýär


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasy Sergeý Rýabkow (s) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (ç), Lausanne, mart, 2015

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasy Sergeý Rýabkow (s) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (ç), Lausanne, mart, 2015

Orsýetiň ýokary wezipeli resmisi eýranly generalyň BMG-niň syýahatçylyk gadagançylygyny bozup, Moskwa sapar edendigi baradaky maglumatlary ret etdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Eýran Yslam Respublikasynyň Rewolýusion gwardiýasynyň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy general Kassem Soleimaniniň “geçen hepdede Orsýetiň paýtagtynda bolmandygyny aýtdy.

“Onuň Orsýete gelmegi barada mende maglumat ýok”, diýip Raýabkow 14-nji awgustda aýtdy. Şeýle-de ol Moskwanyň Waşingtona bu barada aýdandygyny we ABŞ tarapyndan aladalanma bildirilmeginiň dowam edýändigine geň galma bildirdi.

Soleýmani Eýranyň ýadro programmasyna gatnaşykda güman edilip, BMG-niň 2007-nji ýylda girizen syýahat gadagançylyklaryna sezewar edilen eýran resmileriniň biri.

Eýranyň we dünýäniň täsirli ýurtlarynyň arasynda 14-nji iýulda gol çekilen ylalaşyklara garamazdan, Suleýmani babatyndaky syýahatçylyk gadagançylygy güýjünde saklanýar.

XS
SM
MD
LG