Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Partlamanyň sebäpleri derňelýär


Partlamalaryň bolan ýeri, Tianjin, Hytaý, 14-nji awgust, 2015

Partlamalaryň bolan ýeri, Tianjin, Hytaý, 14-nji awgust, 2015

Derňewçiler Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky portda himiki skladda bolan iki uly partlamanyň sebäplerini anyklamak üçin maglumat toplaýarlar.

Tianjin şäherinde 12-nji awgustda bolan partlamalar zerarly azyndan 50 adam, şol sanda onlarça ýangyn söndüriji wepat boldy, 700 çemesi adam ýaralandy.

14-nji awgustda halas edijiler aman galan bir adamy tapdyrlar.
Partlamanyň bolan ýerinde henzem galyň tüsse görünýär, töwerek daşda ýykan ýumranlyk we müňlerçe ýanan awtoulag göze ilýär.

Partlamanyň bolan ýeri howply we zäherli himiki serişdeleri saklanmak üçin niýetlenýärdi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, partlamanyň bolan wagtynda bu ýerde ammoniý we kaliý nitraty, kalsiý karbidi saklanypdyr.

XS
SM
MD
LG