Sepleriň elýeterliligi

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda soňky döwürde toguň güýjüniň “oýnap durmagy” ýaly elektrik togunyň ýetmezçiligi bilen bagly wakalar adaty ýagdaýa öwrüldi.

Tagtabazarly ildeşimiz Nazar bu hakda şeýle diýýär: “Etraba gelýän toguň naprýaženiýesi 220 wolta ýakyn bolsa-da, ol birden 110 wolta çenli pese düşüp, bir salymdan ýene-de ýokary galýar. Bu ýagdaý günüň dowamynda ençeme gezek gaýtalanýar”.

Ýerli ilat elektrik togunyň kadasyz işi sebäpli hojalyklaryndaky elektrik bilen işleýän enjamlarynyň ençemesiniň ýanyp, sandan çykandygyny aýdýarlar.

100-150 dollar

Etrap mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän 35 ýaşly Nazar: “Tok sebäpli geçen hepde kondisionerim we holodilnigim (sowutgyjym) sandan çykdy. Olary 800 dollar töläp alanyma bir ýyl hem bolanok” diýip, öz başyndan geçen wakany gürrüň berýär.

Tagtabazarda elektrik enjamlarynyň ussasy Weli howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan hem geçýän bu günlerinde tok üpjünçiliginiň düzgünsizligi sebäpli hojalyklaryň split sowadyjylarynyň, sowutgyçlarynyň we telewizorlarynyň köýýän halatlarynyň soňky döwürde has-da köpelendigini aýdýar.

Weli adamlaryň her bir elektrik enjamyň ýanan bölegi, adatça motory üçin, azyndan 100-150 dollar aralygynda pul töläp, oňartmaly bolýandyklaryny aýdýar.

150-300 dollar pul harç edip...

Bu etraplarda elektrik togunyň dowamly “oýnap” durmagynyň sebäbi Marynyň gidro-elektrik stansiýasynyň kadasyz işi bilen düşündirilýär. Bu edaranyň özüniň atlandyrylmazlygyny soran bir işgäri stansiýanyň könelendigini, onuň sekiz sany elektrik öndürýän energoblogundan häzirki gün diňe dördüsiniň işleýändigini aýtdy.

Onsoň Tagtabazaryň ilaty elektrik togunyň kadasyz akymyny kadalaşdyrjak bolup öýme-öý diýen ýaly 150-300 dollar töweregi pul harç edip, sazlaýjy enjamlary satyn almaga mejbur bolýar.

Täzelik däl

Öz ýanan sowutgyjyny 120 dollar çykaryp oňardan Nazar mugallym täzeden bu ýagdaýa düşmezlik üçin özüniň hem goşmaça 150 dollar çykdajy edip bu sazlaýjy enjamdan edinendigini aýdýar.

Tagtabazarda tok üpjünçiligi şu ýyl has ýaramazlaşan-da bolsa, aslynda bu tagtabazarlylaryň durmuşynda täzelik däl, bu ýerde tok ýetmezçiligi bilen bagly görgüler indi üç ýyldan bäri dowam edip gelýär.

Şol bir wagtda-da türkmen häkimiýetleri ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ýurtda “häzirki zaman gaz turbina elektrik stansiýalarynyň, elektrik geçirijileriň gurulýandygyny, ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň täzelenýändigini” yzygiderli tekrarlap gelýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG