Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ruhanylary Pakistana garşy jyhat yglan etdiler


Owganystanda amala aşyrylan partlama
Owganystanda amala aşyrylan partlama

Owgan ruhanylary geçen hepde bombaly ýük ulagy bilen Kabulyň Şah Şahid etrabyna edilen hüjümde 15 adamyň ölüp, dört ýüze golaý adamyň hem ýaralanan ýerine üýşüp, soňky wagtlarda Owganystanyň paýtagtyna yzygiderli gurnalýan şeýle hüjümlere garşylyk hökmünde Pakistanyň garşysyna jyhat yglan etdiler.

"Khaama Press" habar gullugynyň maglumatyna görä, owgan ruhanylary agzalýan bombaly hüjümden düýpli nägilelik bildirip, Pakistanyň käbir organlaryny şeýle hüjümleri gurnamakda aýyplapdyrlar.

Ruhanylar geňeşiniň agzasy Möwlewi Ahmad Gül durnuklulygy bozýan taraplara zorlugy goýbolsun edip, owgan halkyna parahatçylygy getirmek ugrunda tagalla etmäge çagyrypdyr.

Ol Owganystandaky durnuksyzlyk we zalymlyk hereketlerine gatnaşýan Pakistanyň harby howpsuzlyk gullugyna garşy musulman halkyň jyhat gurnamaga hakynyň bardygyny nygtapdyr.

Geçen çarşenbe güni Owganystanyň milli howpsuzlyk guramasy (NDS) öz beýannamasynda Kabulda gurnalan bombaly hüjümde Pakistanyň goşunyna degişli käbir subutnamalaryň bardygyna ünsi çekip, muňa jogapkär hökmünde Pakistanyň harby howpsuzlyk gullugyny (ISI) ýaňzydypdyr.

Owganystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat geňeşçisi Hasib Siddiki habarçylara beren maglumatynda hüjümiň Pakistanyň goşunynyň serişdedir enjamlary bilen olaryň hakynatutma terrorçy topary Hakkani tarapyndan gurnalandygyny aýdypdyr.

Owganystanyň owalky prezidenti Hamid Karzai bolsa, ABŞ bilen Günbatara Pakistanyň harby howpsuzlyk gullugyny (ISI) Owganystanda terrorçylyga goldaw berýändigi üçin goldamazlyga çagyrypdyr.

Şol sanda ”Khaama Press” habar gullugynyň habaryna görä, Gunduzyň Täjigistan bilen serhetleşýän käbir bölekleri ýaragly oppozisiýa toparlary tarapyndan owaldan basylyp alnypdyr we henizem olaryň gözegçiliginde saklanýar.

Sebitiň polis edarasy bolsa geçen anna güni ”Talibanyň” Daşti Arçi we Kalaý Zal diýen ýerleri basyp alandygyny bildiripdir.

Polis gullugynyň wekiliniň bellemegine görä, şol sebitler hökümet güýçleriniň harby operasiýalarynyň çäginde ”Taliban” güýçlerinden arassalanar.

XS
SM
MD
LG