Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek näme üçin ümzügini Moskwa öwürdi?


Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen, Ruh Ordo medeni merkezi, 12-nji awgust, 2015 ý.

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen, Ruh Ordo medeni merkezi, 12-nji awgust, 2015 ý.

Gyrgyzystan indi resmi taýdan Russiýanyň howandarlygyndaky Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň agzasy boldy. Munuň bilen baglylykda, gyrgyz-gazak serhedinde dabaraly çäre gurnalyp, 12-nji awgustda özara söwda babatynda Bileleşigiň düzümindäki serhet araçäkleri hem resmi görnüşde aýryldy.

Agzalýan gurama öňki sowet respublikalaryna girýän käbir döwletler agza, bu Orsýetiň täsirindäki gurama diýlip hasaplanýar. Şunlukda, Gyrgyzstan bu gurama agza bolmak bilen Orsýete soňky günlerde ýene bir ädim ýakynlaşdy.

Gürrüňini edýän wakalarymyzdan ozal Gyrgyzystanyň Orsýete has ýakynlaşýandygyna güwa geçýän ýene käbir ýagdaýlar bolup geçdi.

Meselem, Bişkek Gyrgyzystan-ABŞ özara hyzmatdaşlyk ylalaşygyny ýatyrdy; şeýle-de soňky günleriň dowamynda – Orsýetiň mysalynda – daşary ýurt döwletleri tarapyndan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalary “daşary ýurt agentleri” diýip hasaba almak we gomoseksuallaryň propogandasyny gadagan etmek baradaky kanuny taslamalar hem ýurduň Parlamentine hödürlendi.

Gyrgyzystanda nämeler bolup geçýär? Bularyň sebäbi näme? Bularyň nähili netijeleri bolup biler? Mejlis atly ýörite gepleşigiň bu sanynda şu temalaryň töwereginde gürrüň edilýär.

Programmanyň myhmanlary: Bişkekdäki Amerikan Uniwersitetinden syýasy bilimler boýunça professor Emil Joraýew; häzirki wagt Bişkekde iş alyp barýan žurnalist Peter Leonard we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa sebiti barada maglumatlary çap edýän “Kişlog owazy” blogunyň redaktory Brýus Panniýer. Söhbetdeşligi Azatlyk radiosynyň müdiri Muhamad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG