Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'gök meselesini' çözýär


Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän hyýaryň möçberi 45 prosent artypdyr.
Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän hyýaryň möçberi 45 prosent artypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygynda geçirilýän reformalaryň depginini güýçlendirmegi, gök we miwe önümleriniň importyna harçlanýan altyn pullaryň möçberini azaltmagy talap edýär.

Ol Ministrler kabinetiniň anna güni, ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň oba hojalyk ministrine ýüzlenip, onuň ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan özgertmelerden örän nägiledigini aýtdy.

Prezident geçen ýyl daşary ýurtlardan getirilýän gök önümleriň möçberini azaltmagyň «öz öňlerinde wezipe edilip goýlandygyny» ýatladyp, hasabatlarda getirilýän sanlaryň bu wezipäniň ýerine ýetirilmändigini görkezýändigine ünsi çekdi.

Hasabatlarda aýdylmagyna görä, häzirki döwürde Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän soganyň möçberi 21 prosent, kartoşkanyň möçberi 18 prosent, hyýaryň möçberi 45 prosent, pomidoryň möçberi bolsa üç esse artypdyr.

Prezident bu gök önümleri daşary ýurtlardan getirmek üçin 50 million amerikan dollary möçberinde serişde harçlanandygyny aýtdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, Aşgabat, Türkmenbaşy ýaly şäherlere Daşoguz, Lebap ýaly uzak aralyklardan gök önüm getirmegiň asla hajaty ýok. Şeýle-de ol daşary ýurtlardan gök önüm getirmek hajatynyň ýokdugyny, sebäbi olary uzak aralykdan getirmegiň bahalary ýokarlandyrýandygyny belledi.

Döwlet baştutany bu meselede çykalgany uly şäherleriň alkymynda ýyladyşhanalary gurmakda, ýagny gök önüm öndürmek isleýän adamlara ýer böleklerini, ýyladyşhana gurmak üçin ýeňillikli karzlary bermekde görýär.

Prezident Berdimuhamedowyň pikirine görä, şu günki günde ýurduň her bir welaýaty öz ilatyny miwe we gök önümler bilen üpjün etmeli, uzakdaky etraplardan ýa daşary ýurtlardan gök önüm getirmeli däl.

Türkmen metbugaty ýurtda oba hojalyk işgärleriniň toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp durýar.

Bu pikir Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde prezident tarapyndan hem gaýtalandy. Ol daýhanlaryň ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini aýtdy.

Emma ýurt içinden gelýän habarlarda kärendeçi daýhanlardan esasan galla we pagta planlaryny doldurmagyň talap edilýändigi, olaryň hakyky bazar şertlerinde önüm öndürmek we gazanç etmek mümkinçilikleriniň çäklidigi, netijede ýurduň daşary ýurtlardan getirilýän miwelere we gök önümlere barha kän mätäç bolýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG