Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň häkimi täzelendi


Turkmenistan. None of telephone boats (installed over the last two years) in Ashgabat is functioning .

Turkmenistan. None of telephone boats (installed over the last two years) in Ashgabat is functioning .

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabat şäheriniň häkimi Rejepgeldi Nurmämmedowy wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ýurduň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy çykyş edip, paýtagtyň abadanlaşdyryş işlerinde kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Aşgabat şäheriniň häkimligine 2013-nji ýylyň ýanwarynda bellenen Nurmämmedowyň şol "kemçilikler" üçin işden boşadylandygy aýdylýar.

Onuň ýerine Aşgabat şäheriniň Kopetdag etrabynyň häkimi bolup işlän Myratnyýaz Abilow paýtagtyň häkimi edilip bellenildi.

XS
SM
MD
LG