Sepleriň elýeterliligi

Yrak lideri sud reformalaryny buýurýar


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi ýurduň sud sistemasyny tutuşlygyna reforma etmelidigini aýdýar.

Yraklylar onuň korrupsiýa garşy pikirlerini köçelere çykyp, şatlyk bilen garşy aldylar, ýurduň baş ruhanysy bolsa indiki nyşananyň sud sistemasy bolmalydygyny aýtdy.

Parlament Abadiniň şu hepde hökümeti arassalamak boýunça geçiren reformalaryny biragyzdan tassyk etdi, 14-nji awgustda köçelere çykan müňlerçe yrakly Abadyni öwüp, beýleki syýasatçylaryň bir toparyny tankyt etdi.

Abadiniň programmasy hökümetiň tutuş bir gatlagyny sypyryp aýyrýar, mezhep we partiýa kwotalaryny çäklendirýär, korrupsiýa derňewlerini gaýtadan açýar we regional hem welaýat ýolbaşçylaryna ygtyýar berýär.

Emma sud sistemasy gözden düşürilipdi. Ýurduň şaýy ruhanysy aýatolla Ali Sistany Abadiniň çäreleri kabul edileninden soňky ilkinji çykyşynda sud reformalaryna çagyrdy.

Abadi şondan birnäçe sagat soň sud sistemasynyň garaşsyzlygyny we abraýyny ýokarlandyrmak üçin hem berk çäreleri görmegi buýurdy.

XS
SM
MD
LG