Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nýu-Ýorkly özbek YD-ny goldadym diýýär


Nýu-Ýorkuň 25 ýaşyndaky özbek ýaşaýjysy Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwleti» jeňçi toparyna maddy goldaw bermek barada dil düwüşendigini aýdyp, günäsini boýun aldy.

Amerikan prokurorlarynyň aýtmaklaryna görä, Abdurasul Hasanowiç Jurabaýew bir ýyl ozal internetde, eger «Yslam döwleti» buýursa, prezident Barak Obmany öldürmegi ýa-da Nýu-Ýorkuň Koniý adasyndaky kurort kenarynda bomba ýarmagy teklip edýän material ýerleşdiripdir.

Ol indi 15 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz dur. Jurabaýew fewral aýynda Nýu-Ýorkda, Bruklindäki öýünde tussag edildi.

Prokurorlar onuň mart aýynda Türkiýä gidip, YD-a goşulmak üçin uçar biletini satyn alandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG