Sepleriň elýeterliligi

ABŞ açlyk yglan eden tussagy boşatmaz


Tarik Ba Odah Kubadaky tussaghanada sekiz ýyl bäri açlyk yglan edýär we onuň agramy 33.5 kilograma geldi.

Ýemenli tussag zorluk bilen naharlanýar. Aklawçylary onuň saglyk ýagdaýy sebäpli boşadylmalydygyny aýdýarlar.

Emma ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 14-nji awgustdaky kararynda onuň boşadylmajagy belli boldy.

Aklawçylar bu karar prezident Barak Obamanyň Guwantanamo tussaghanasyny 2017-nji ýyldan öň ýapmak niýetiniň çynlakaý däldigini görkezdi diýýärler.

XS
SM
MD
LG