Sepleriň elýeterliligi

Htaýyň port şäheri Tianjinde bolan betbagtçylykda ölenleriň sany 85-e ýetdi, olaryň içinde 21 sany ýangyn söndüriji hem bar.

Bu hadysada ýüzlerçe adam ýaralandy, bir topar adamyň bolsa henizem tapylmaýandygy aýdylýar.

Häkimiýetler bu partlamalaryň howply materiallaryň saklanylýan ammarynda turan ýangyn sebäpli dörändigini aýdýarlar.

Partlamalar esasan senagat zonasynda we gijesine bolupdyr, ýogsa ölenleriň has köp boljagy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG