Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Eýrana raketa ibermäge taýýar


Orsýet Eýrana uzak aralyga ýetýän S-300, ýer-asman raketa sistemasyny ibermäge taýýarlyk görýändigini aýdýar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary 14-nji awgustda Moskwanyň bu meselede Tährana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Raketa üpjünçilik meselesi Orsýetiň prezidenti we parlamentiň ýokary palatasy tarapyndan hem tassyk edilipdir.

Sergeý Rýabkowyň sözlerine görä, indi Eýrana raketa ibermegiň tehniki aspektleriniň üstünde işlenilýär.

XS
SM
MD
LG