Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow resmilere käýinç berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň tebigaty goramak ministri Babageldi Annabaýramowa berk käýinç berdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, ol gulluk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurduň aýry-aýry regionlarynda ekologiýa gözegçiliginiň gowşadylmagana ýol beripdir.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň energetika ministri Geldi Saryýewe, demirýol transporty ministri Baýram Annameredowa, «Türkmengallaönümleri» döwlet konserniniň başlygy Nursähet Sapardurdyýewe, «Türkmenpagta» döwlet konserninň başlygy Maksatmyrat Ataýewe gulluk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri, daşary ýurt walýutasynda girdeji almak planyny doldurmandyklary üçin käýinç berdi.

XS
SM
MD
LG