Sepleriň elýeterliligi

Kiýew türkmen uçarlarynyň rugsadyny uzaldýar


Ukraina we Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy barada gepleşik geçirdi. Bu maglumaty, Ukrainanyň Infrastruktura ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK-Ukraina ýaýratdy.

«13-nji awgustda infrastruktura ministri Andreý Piwowarskiý Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi jenap Nurberdi Amanmyradow bilen, Türkmenistan bilen uçar aragatnaşygynyň töweregindäki ýagdaýlar barada maslahatlaşmak üçin, iş duşuşygyny geçirdi» diýip, habarda aýdylýar.

Taraplar, uzak maslahatdan soň, Türkmenistan bilen uçar aragatnaşygy baradaky meseleleriň diplomatiki derejelerde çözülmegi barada ylalaşyga geldiler we Ukrainanyň döwlet awiasiýa kompaniýasy «Türkmenhowaýollarynyň» Kiýew-Aşgabat arasyndaky uçar gatnawyna rugsadyny 23-nji awgusta çenli uzaltmaga razy boldy diýip, habarlarda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Ukrainanyň döwlet awiasiýa kompaniýasy, Türkmenistanyň ukrain uçarlarynyň Aşgabada gatnawyna rugsat bermeýändigi üçin, türkmen uçarlarynyň Kiýewe gatnawyny gadagan edipdi.

XS
SM
MD
LG