Sepleriň elýeterliligi

Ortaýer deňzinde 40 migrant öldi


Ortaýer deňzindäki gämide, megerem dyknyk kabinada demikmekden, azyndan 40 migrant heläk boldy. Italiýanyň harby deňiz güýçleri 15-nji awgustda bu ölüm faktyny tassyklady, emma goşmaça detallary aýtmady.

Olar harby deňiz güýçleriniň «Cigala Fulgosi» gämisiniň halas ediş missiýasynyň öňüni çekýändigini we köp adamyň halas edilendigini aýtdylar. Habarlarda aýdylmagyna görä, ol gämi Liwiýanyň kenarlaryndan 50 km çemesi uzaklykda bolup, onuň üstünde 400 çemesi migrant bar eken.

Ýewropa Bileleşigi 14-nji awgustda Ikinji Jahan urşundan bäri iň erbet bosgun krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Halkara Migrasiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri Italiýa gämide 101700-den gowrak migrant geldi, azyndan 2040 migrant bolsa ýolda heläk boldy.

XS
SM
MD
LG