Sepleriň elýeterliligi

Rus habar serişdeleri 15-nji awgustda türkmen uçarynyň Moskwada mejbury gonmaly bolandygyny ýazdylar.

«Türkmenhowaýollarynyň» Sankt-Peterburgdan Aşgabada barýan ýolagçy uçary öň aýnasyna düşen jaýryk zerarly Moskwanyň Domodedowa uçar meýdanynda mejbury gonmaly boldy diýip, TASS habar gullugy paýtagt regionynyň awiadispetçer gullugyna salgylanyp ýazýar.

«Sankt-Peterburgdan Aşgabada barýan uçar Moskwada sag-aman gondy, onuň ýolagçylary myhmanhana ýerleşdirildi» diýip, çeşme aýdypdyr.

Rus habar gulluklarynyň ýazmagyna görä, türkmen uçarynyň üstünde jemi 70 ýolagçy we 10 sany ekipaž agzasy bar eken.

Uçaryň öň aýnasynyň jaýrylmagynyň sebäpleri entek aýdylmaýar diýip, RBK neşiri ýazýar.

XS
SM
MD
LG