Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Türkiýede 4 esger öldürildi


15-nji awgustda gündogar Türkiýede, Kürdüstan Işçiler partiýasynyň agzalarynyň hüjümleri netijesinde, üç esger we bir polisiýa ofiseri öldürildi diýip, harbylar aýtdy.

Esgerler Bingol welaýatynyň Garlyoba etrabynda, ýol ýakasynda goýlan minany uzakdan partlatmak netijesinde öldürildi.

Bu hüjümde 6 esger ýaralandy. Polisiýa ofiseri bolsa, Hakkari regionynyň Semdinli töwereginde, PPK jeňçileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda öldi.

Soňky 24 sagatda PPK tarapyndan howpsuzlyk güýçleriniň jemi 7 agzasy öldürildi.

XS
SM
MD
LG