Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýanyň ýolagçy uçary ýitdi


Indoneziýanyň ýurt içine uçýan, bortunda 54 adam bolan ýolagçy uçary gündogardaky Papua sebitinde ýitirim boldy.

Resmiler uçar bilen aragatnaşygyň 16-njy awgustda, öýlänler, Papuanyň paýtagty Jaýapuradan uçanyndan az wagt soň kesilendigini aýdýarlar. Ol Oksibile tarap barýan eken.

Awiasiýa häkimiýetleri uçaryň üstüne 44 sany uly ýolagçynyň, bäş çaganyň we bäbegiň, bäş sany ekipaž agzasynyň bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG