Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet täjikleri ýurduna bermekden ýüz öwürdi


Täjigistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda gadagan edilen syýasy oppozision toparyň agzalary bolmakda güman edilýän we Orsýetde geçen aýda tussag edilen ýedi adamy esktradisiýa etmek barada ýüzlenmesiniň ret edilendigini aýtdy.

Ministrligiň metbugat-wekiliniň 17-nji awgustda AÝ-AR-na aýtmagyna görä, Täjigistan ektradisiýa baradaky ýüzlenmesine Orsýetiň hormat goýjagyna garaşypdyr, sebäbi şeýle wakalar ýakynda hem bolupdyr we agzalan ýedi adam Täjigistanyň hökümetiniň haýyşy boýunça tussag edilipdir.

Soňky aýlarda “Topar 24” atly bileleşigiň agzasy bolmakda güman edilýän jemi 10 adam, şol sanda agzalan ýedi adam tussag edildi.

Olaryň üçüsi Täjigistana ektradisiýa edildi. Sud olary gadaganlykdaky syýasy topara gatnaşykda günäli tapdy we uzakmöhletli türme tussaglygyna höküm etdi.

“Topar 24” geçen ýylyň oktýabr aýynda gadagan edildi. Onuň esaslandyryjysy Umarali Kuwatow mart aýynda Türkiýede atylyp öldürildi. Prezident Emomali Rahmonyň daşary ýurtlarda ýaşaýan syýasy garşydaşlary Kuwatowyň ölümine täjik häkimiýetleri guramaçylyk etdi, diýip pikir edýärler.

XS
SM
MD
LG