Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Ölenleriň sany 100 golaýlady


Douma şäherinde howadan urlan zarbalaryň netijeleri, 16-njy awgust, 2015.
Douma şäherinde howadan urlan zarbalaryň netijeleri, 16-njy awgust, 2015.

Siriýanyň hökümetiniň Damaskyň daşynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki giňişliklerde howadan amala aşyrýan zarbalarynyň netijesinde adam pidalarynyň sany 17-nji awgustda 100 adama golaýlady. BMG-niň ynsanperwer meseleler boýunça ýolbaşçysy howatyrlanma bildirdi we graždan ilatyň goralmagyna çagyrdy.

Gozgalaňçylaryň gündogar Ghouta regionyndaky galasy bolan Douma şäherinde 16-njy awgustda amala aşyrylan çäreler Siriýada dört ýyl bäri dowam edýän uruşda hökümetiň eden iň gandoküşikli hüjümi boldy.

Howa zarbalary regionda bolan weýrançylykly himiki hüjümlerden takmynan iki ýyl geçensoň amala aşyryldy. Halkara jemgyýetçiligi şol hüjümlerde prezident Başar al-Assadyň režimini günäläpdi.

Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasynyň ýolbaşçysy Haled Hoja 16-njy awgustdaky hüjümlerini “gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy we onuň “jogapsyz galmajagyny” belledi.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçysy atly topar 250 adamyň ýaralanandygyny hem bardy.

XS
SM
MD
LG