Sepleriň elýeterliligi

Punjab: Partlamada 18 adam öldi


Şuja Khanzadanyň öýüniň öňünde, Şadi Khan, 16-njy awgust, 2015

Şuja Khanzadanyň öýüniň öňünde, Şadi Khan, 16-njy awgust, 2015

Pakistanyň polisiýasynyň 17-nji awgustda aýtmagyna görä, janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran goşa bomba partlamasynda 18 adam heläk bolupdyr. Hüjümde “Talybana” garşy çykyş eden tanymal regional resmisi öldürildi.

16-njy awgustda bolan hüjüm Punjab welaýatynyň ýerli ministri Şuja Khanzada garşy gönükdirildi we Yslamabatdan 80 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Şadi Khan şäherçesinde boldy.

Partlamanyň bolan wagtynda Khanzada onlarça ýerli ýaşaýjy bilen duşuşyk geçirýärdi. 25 çemesi adam ýumrulan jaýyň aşagyndan diri çykaryldy.

Khanzada Pakistanyň hökümet güýçleriniň 2014-nji ýylda tire-taýpalar regionlarynda howpsuzlyk operasiýasyna başlaly bäri ýurtda öldürilen iň tanymal resmidir. Ol Punjabda yslamçy ekstremistlere garşy kampaniýanyň ýolbaşçysydy.

XS
SM
MD
LG