Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ drone uçuşlaryny köpelder


“The Wall Street Journal” neşri ABŞ-nyň harbylarynyň indiki dört ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň howa giňişliklerinde sürüjisiz uýçarlary arkaly amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Pentagonyň plany barha köpelýän konflikt zonalarynda aňtaw we zarba urmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksadyny öz öňünde goýýar. Gündeki uçuşlaryň häzirki 61 sandan 2019-njy ýyla çenli 90 ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Bu çäre Ukrainada, Yrakda, Siriýada, Günorta Hytaý deňzinde we Demirgazyk Afrikada goşmaça gözegçilik etmegi üpjün edip biler.

Şeýle-de Pentagonyň howa zarbalarynyň möçberini artdyrýar.

ABŞ-nyň howa güýçleri häzirki wagtda esasan sürüjisiz uçarlar missiýasyny amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG