Sepleriň elýeterliligi

16-njy awgustda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Geňeşleriň agzalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi diýlip, türkmen döwlet metbugatynda habar berilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklary ýapylýança Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 92,88 göterimi, milli parlamentiň deputatlaryna saýlawçylaryň 91,96 göterimi gatnaşdy diýlip, maglumatda bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndan özüni Humaý diýip tanyşdyran pensioner zenan özüniň ses bermäge gatnaşmandygyny we her ýyl bolşy ýaly bir adamyň saýlaw býulletenlerini guta tutuş maşgala agzalarynyň adyndan oklandygyny aýdýar.

Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG