Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür terrora garşy kanuny kabul etdi


Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi
Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi terrora garşy kanuny makullady. Tankytçylar onuň söz azatlygyna wehim salýandygyny aýdýarlar.

Gapma-garşy kanun söweşijileriň hüjümleri barada hökümetiň wersiýasyna ters gelýän “galp” maglumatlaryň berilmegi üçin uly jerimeleri göz öňünde tutýar we tussaglyga mümkinçilik berýär.

Terrora garşy kanun harbylar we polisiýa üçin “öz wezipelerini berjaý edende” çakdan-aşa güýç ulanmagy bilen bagly ýagdaýlarda ýuridiki taýdan yzarlanmakdan gorag berýär.

Sisi kanun sistemasyny pugtalandyrmagy iýul aýynda, ýokary wezipeli prokuroryň ölümine sebäp bolan bomba partlamasynyň yzýany wada beripdi.

XS
SM
MD
LG