Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fitzeraldyň romanynyň fragmentini kim tamamlarka?


"A. Gulli hem, dogrusy, diýseň gyzykly rola eýe. Soňky bäş ýylda ol şeýle bir hekaýalary "tapýar", heý sen ýöne goýaý! John Steinbeck, Tennissee Williams, Joseph Heller we Dashiell Hammett ýaly ägirtleriň owal bilinmeýän hekaýalaryny tapýar".

Tapylan hekaýa romanyň fragmenti ekeni

Owal habar berşimiz ýaly, "Uly Gatsbyny" ýazan ýazyjynyň täze hekaýasy tapyldy. Indi bu mesele hasam ula ýazýar. ABŞ-nyň metbugatynyň habar bermegine görä, hekaýany tapan we ony "Strand" žurnalynda çap eden redaktor A.Gulli indi onuň hekaýa däl-de, eýse romanyň bir bölegidigini aýdýar.

"Dogrudanam, [tapyndy başda] hekaýa ýaly özbaşdak mazmunly bolup göründi" diýip, redaktor soňra sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: "Emma, hekaýa gutarandan soň 2500 sözden ybarat bolan ýene bir bölek hem bar ekeni. Bu onuň romanyň fragmentidigini görkezýär".

Romanyň fragmenti, Çikago şäherinde özüne täze bir durmuş döretmäge synanyşýan bir balerina hakynda.

"Fitžerald (Fitzgerald), belki-de, bu tema ýüzlenende, balerinanyň obrazyny çagalykdan balerina bolmagy arzuw eden Zeldanyň durmuşyndan ylham alyp döredendir" diýip, "Washington Post" gazetiniň bir žurnalisti ýazýar.

Fragmenti tapan A. Gulliniň aýtmagyna görä, bu tekst Fitžeraldyň öýünde geçiriljek maslahatlardan soň tamamlanmagy üçin döwrebap bir ýazyja tabşyrylyp bilner.

Harper Lee ýaly ýazyjynyň "Go Set a Watchman" romanyndan ummasyz gazanç eden neşirýatlar üçin owaldan tanalýan meşhur redaktorlar bilen şeýle syrly eserleri tapmak we okyjylara hödürlemek indi ýörgünli boldy.

A. Gulli hem öz nobatynda diýseň gyzykly rola eýe. Soňky bäş ýylda ol şeýle bir hekaýalar "tapýar", asyl sen ýöne goýaý! Ol John Steinbeck, Tennissee Williams, Joseph Heller we Dashiell Hammett ýaly ägirtleriň owal bilinmeýän hekaýalaryny tapdy.

Öz aýtmagyna görä, "Dünýäniň bigäneligi onuň üçin ullakam mümkinçilikdir".

Indi şeýle syrly hem täsin sözbaşylar hem bölekler ile aýan bolmaga başlady.

F. Skot (F. Scott) Fitžerald täze roman ýazmak isleýärdi. Emma žurnallarda hekaýa çap edip ullakan gonorar almak islegine garşy durmak aňsat däldi. Onsoňam Golliwud (Hollywood) öz tekliplerini orta atdy ahbetin.

Fitžerald, 1940-njy ýylda aradan çykýança, klassyky diýlip baha berilýän "The Great Gatsby" romanyndan daşgary ýene-de dört sany roman çap etdirmäge ýetişýär. Onuň bäşinji romany bolan "The Last Tycoon" bolsa gutarylman galýar. Ony hem soňra dosty Edmund Wilson redaktirläp çap etdirýär (1941).

Şu wagta çenli adamlar Fitžeraldyň döredijiligi barada ähli zady bilýändir öýdülýärdi. Indi bolsa ýene täze bir ýarpy roman ýüze çykdy. Ol onlarça ýyllap, hiç kimiň ünsüni çekmän, Princeton uniwersitetiniň kitaphanasynda tozan basyp ýatypdyr.

XS
SM
MD
LG