Sepleriň elýeterliligi

Mariupolda güýçli söweşler boldy


Ok atyşykdan soň, Mariupol şäheriniň golaýyndaky Sartana obasy, 17-nji awgust, 2015.

Ok atyşykdan soň, Mariupol şäheriniň golaýyndaky Sartana obasy, 17-nji awgust, 2015.

Gündogar Ukrainadan gowuşýan maglumatlarda gije hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda bolan söweşlerde, şol sanda Mariupol şäherinde bolan top atyşygynda ýedi adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Ýaşaýjylar bu söweşiň soňky üç aýdan gowrak wagt bäri iň güýçli bolandygyny aýdýarlar.

Habarçylar 17-nji awgustda hökümet güýçleriniň Mariupolyň gündogar böleginiň we şäherden gündogar tarapda orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki giňişlikleriň arasynda ok atyşygyň bolandygyny habar berdiler.

Mariupoldan 5 kilometr uzaklykda ýerleşýän Sartana obasynda jaýlaryň we bir nebit bazasynyň ýumrulandygy habar berildi.

Separatistler Donetskiň demirgazyk-gündogarynda hökümetiň Horliwka şäherini oka tutmagynyň netijesinde azyndan üç adamyň ölendigini aýdýarlar.

17-nji awgustda hökümet güýçleriniň separatistleriň gözegçiligindäki Donetski hem oka tutandygy habar berildi. Şäheriň resmileri azyndan iki adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG