Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Eýran harby hyzmatdaşlygy planlaşdyrýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (ç), Moskwa, 17-nji awgust, 2015.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (ç), Moskwa, 17-nji awgust, 2015.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow dünýäniň täsirli ýurtlarynyň Eýran bilen iýul aýynda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda halkara sanksiýalary aradan aýrylansoň Kremliň Tähran bilen harby we tehniki hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmagy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Lawrow bu çykyşyny Moskwada Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen 17-nji awgustda geçiren gepleşikleriniň yzýany etdi.

Orsýet mediasy gepleşiklerde Orsýetiň Tährana S-300 kysymly ýer-howa raketalary bermegi we Eýranda ýadro kärhanasyny gurmagy barada gürrüň edilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG